Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda halkara gatnawlary üçin ýolagçylardan edilýän uçuş talaplary mälim edildi, şäherara awtobuslarynyň petekleriniň onlaýn söwdasy gaýtadan ýola goýuldy, gender deňligini ilerletmek boýunça tegelek stol geçirildi we beýleki habarlar

09:4824.05.2022
1
35625

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlary üçin ýolagçylardan edilýän talaplary köpçülige ýetirdi, olar daşary ýurt döwletleri bilen howa gatnawlary ýola goýlan pursatynda güýje girer. Düzgünleriň doly sanawy bilen turkmenistanairlines.tm web-sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

2. Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary üçin petekleri onlaýn satyn almak hyzmaty gaýtadan ýola goýuldy. Petekleri «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň saýtyndan, «Şäherara bilet» mobil goşundysyndan ýa-da awtomeziliň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz.

3. Aşgabatda gender deňligini ilerletmek we zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak boýunça tegelek stol geçirilip, onda bu babatda çäreleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanda gender deňligini ilerletmek boýunça goşýan şahsy goşantlary hakynda gürrüň berdiler.

4. 29-njy maýda Aşgabat şäherinde «Ah, operetta, operetta…» atly konsert geçiriler, konsert «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde sagat 19:00-da başlanar. Döredijilik agşamynyň meýilnamasyna laýyklykda, dünýä meşhur operettalardan parçalar ýerine ýetiriler.

5. Gökdepe kölüniň kenarynda ýaşlar üçin sport we ekologik hasiýetli çäre geçirilip, oňa 60-dan gowrak adam gatnaşdy. Çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, kölüň çäginde arassaçylyk işleri we sport ýaryşlary geçirildi. Ekologik hasiýetli çäre ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan bilelikde guraldy.

6. Aktau şäheriniň Şygys-1 kiçi etrapçasynyň 285-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň konsullygy türkmenistanly raýatlaryň halkara pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň dekabrynyň aýagyna çenli uzaltmaga girişdi.

7. Kazan şäherinde Wolga Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygy mynasybetli, Baş metjit toplumynyň gurluşygynda ýadygärlik daşyny oturtmak dabarasy geçirildi.

8. «Microsoft» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts özüniň gowy görýän smartfonyny mälim etdi. Milliarder Samsung – Galaxy Z Fold3 flagman smartfonyny ulanýandygyny aýtdy. Işewüriň bellemegine görä, bu telefon onuň ähli isleglerini kanagatlandyrýar.

9. Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy. Gyzlaryň arasynda Aişa Bikbulatowa, oglanlaryň arasynda bolsa Allanur Daýanjow ýeňiji bolmagy başardylar. Çempionat «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilip, oňa 70-den gowrak türgen gatnaşdy.

10. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U23) baş tälimçi Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda Aziýanyň Kubogy ugrunda çempionatyň final tapgyryna taýýarlyk görýär. Ýygyndy toparymyz doly düzümde Antalýada türgenleşikleri geçiýär, türgenleşikler 26-njy maýa çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň