Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda şäherara awtobus petekleriniň onlaýn-satuw hyzmaty işini gaýtadan ýola goýdy

17:2923.05.2022
0
23680

Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleriniň satuwy gaýtadan ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

Indi ýolagçylar şäherara awtobus gatnawy üçin petekleri «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtyndan, Android operasion ulgamy üçin niýetlenen ykjam goşundysyndan ýa-da awtoulag menziliniň kassalaryndan satyn alyp bilerler.

Ulanyjy petek almak üçin gözleg zolagynda bellenen ugry we barmaly ýerini görkezip, gatnawyň senesini, ulagda ýerleşjek ornuny, telefonynyň belgisini hem-de ulgamyň talap edýän rekwizitlerini girizmelidir.

Mysal üçin, Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine çenli gatnaw ugrunyň tölegi uly ýaşly adamlar üçin 60 manada, 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin bolsa 30 manada deňdir.

Gatnadyjy ýolagçylardan COVID-19 ýokanjynyň ýokdugy barada soňky 72 sagadyň dowamynda alnan kepilnamanyň, koronawirus ýokanjyna garşy 3 sany sanjymyň alnandygyny tassyklaýan kepilnamanyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan gatnaw üçin berlen rugsatnamanyň hökmany ýanynda bolmagyny talap edýär.

Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri: +99312443535, +99312443531, +99312443532, +99312443533, 082.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň