Turkmenportal logo
23.05.22
79067906
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bill Geýts öz smartfonunyň modeli barada aýtdy
Bill Geýts öz smartfonunyň modeli barada aýtdy

«Microsoft» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Bill Geýts «Reddit» forumynyň dowamynda häzirki wagtda ulanýan smartfonunyň modeli barada aýtdy. Milliarder «Samsung» smartfonuny ulanýandygyny aýtmak bilen köpleriň ünsüni çekdi. «Meniň Android Galaxy Z Fold3 kysymly smartfonym bar. Her dürli smartfon ulanyp görýärin. Men beýle ekranly smartfony hem noutbuk, hem telefon hökmünde ulanyp bilýärin we bu ugurda haýsydyr bir enjama mätäçlik çekemok» – diýip, Bill Geýts belläp geçdi.


Synçylar bu babatda kompaniýanyň ozalky ýolbaşçysynyň Microsoft Surface Duo 2 ýaly «Microsoft» kompaniýasynyň smartfonaryny däl-de, «Samsung» smartfonuny ulanýandygyna aýratyn üns çekýärler. ixbt.com saýtynda bellenilişi ýaly, Bill Geýts beýleki smartfonlar ýa-da öz ulanýan noutbugy barada hiç bir zat aýtmaýar.