2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistan Sarahs serhet terminalynyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna özara söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň resmi saýtynda «Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini doly kuwwatlylygyna ulanmak, halkara gatnawlarynda ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Sarahs-Farap-Sarahs ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmekleri ýola goýulýar» – diýlip, habar berilýär.
Belläp geçsek, Sarahs serhet terminaly Türkmenistanyň serhedine ýayn bolan, Eýranyň Demirgazyk-Gündogaryndaky Horasan-Razawi welaýatynda ýerleşýär.