Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar

15:5420.05.2022
0
7147

4-nji iýunda aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary «Jaz öwüşginleri» atly jaz sazlarynyň konsertine çagyrylýar.

Konsertiň meýilnamasyna laýyklykda, onda paýtagtyň görnükli sazandalary Wladimir Mkrtumow (klawiş saz guralynda), Aram Bezikýan (urguly saz guralda) hem-de Igor Şewsow (bas-gitarada) dagy çykyş ederler.

Konsertde aýdymçylar Maýsa Nyýazowa bilen Döwran Şammyýew hem çykyş eder.

Türkmenistanyň döwlet Medeniýet merkezinde geçiriljek konsert sagat 19:00-da başlanar.

Petekleri sargyt edip almak üçin şu telefon belgilere jaň edip habarlaşyp bilersiňiz: 22 38 98; 51 41 57; 863 46 71 77; 864 03 74 56.

Jaz saz sungaty barada aýdylanda, ol XX asyryň başlarynda ABŞ-nyň günorta sebitlerinde afrikan ritmleriniň, afroamerikan hem-de latynamerikan folklor däpleriniň täsiri bilen ýüze çykypdyr. Geçen asyryň ortalaryna çenli bolsa, jaz sungaty Amerika kontinentinden daşary ýurtlara hem ýaýrap, uly meşhurlyga eýe bolup başlady. Edil şol ýyllarda hem jazy özbaşdak saz žanry diýip hasap edip başladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň