iPhone üçin köp mümkinçiligi bolan täzelenme çykaryldy

14:0717.05.2022
0
3876
iPhone üçin köp mümkinçiligi bolan täzelenme çykaryldy
Surat: tremplin-numerique.org

«Apple» kompaniýasy mobil platformalary üçin özüniň nobatdaky täzelenmesini hödürledi. iOS 15.5 hem-de iPadOS 15.5 täzlelenmesi 2021-nji ýylyň sentýabryndan bäri çykarylýan giň mümkinçilikli täzelenmeleriň bäşinjisidir diýip, ixbt.com saýty ýazýar. Bu täzelenmede diňe bir ozalky goýberilen ýalňyşlyklaryň öňi alynman, eýsem onuň işleýşiniň durnuklylygy we howpsuzlygy hem ýokarlandyryldy.

Täzelenme birnäçe täze funksiýalaryň döredilmegini, şol sanda iPhone ýa-da iPad-da ýatda saklanan podkastlaryň sanyny çäklendirmek we olary awtomatik usulda bozup aýyrmak funksiýasynyň açylandygyny bellemek bolar. Şeýle-de Wallet ykjam goşundysynda Apple Cash kartyňyzdan pul ibermek hem-de pul almak mümkinçiligi ýola goýuldy. Nobatdaky iOS 15.5 hem-de iPadOS 15.5 täzlelenmesi tölegsiz bolup, ol sazlamalaryň hatarynda elýeterlidir («Esasylar» > «Programma üpjünçiligini täzelemek»).

Çeşmede bellenilişi ýaly, iOS 16 we iPadOS 16 täzelenmesi bolsa 6-njy iýunda tanyşdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň