Köp garaşylýan “Awatar” («Аватар» ) filminiň dowamynyň tanyşdyrylyş wideogörnüşlerine Youtube hostinginde ilkinji gije-gündizde 148,6 million adam tomaşa etdi, bu oňa häzire çenli iň köp seredilen wideoşekilleriň sanawynda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Sanawda öňdeligi “Forsaž 9” («Форсаж 9») filmi eýeleýär, oňa 202,7 million adam seretdi.
“Awataryň” täze bölüminiň treýlerine diňe Hytaýda 23 million adam tomaşa edipdir.
Jeýms Kemeronyň filminiň dowamy aradan 13 ýyl geçensoň surata düşürilip tamamlandy. Filmde Sem Uortington, Zoi Saldana we Keýt Uinslet surata düşerler.
Film 2022-nji ýylyň aýaklarynda kinoteatrlara goýberiler.Bu barada “film.ru” saýty ýazýar.
