Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkiýäniň «Tudors» brendiniň ilkinji dükany açylar

11:5613.05.2022
0
30835

13-nji maýda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde Türkiýäniň erkekler üçin niýetlenen egin-eşikleri we aksessuarlary öndürýän «Tudors» brendiniň ilkinji dükanynyň açylyş dabarasy geçiriler.

«Tudors» söwda nyşanynyň önümleri – özüne çekiji erkek egin-eşigi, günden goraýjy äýnekler, boýunbaglar, deri kemerler, portmone we ýantorbalar, şeýle hem erkekler üçin parfýumeriýa önümlerinden ybarat. «Tudors» brendiniň esasy ýörelgesi – edermenlik, görnüklilik we ähli babatda ünslülik.

Brendiň şygarynyň - "Tudors Shirt Kingdom" (Köýnekleriň Şalygy) diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däl, çünki häzirki zaman erkek adamlarynyň egin-eşikleriniň arasynda köýnegiň bolmazlygy mümkin däl.

«Ýakyn wagtda Aşgabatda ýene üç dükan we Türkmenistanyň welaýatlarynyň hersinde bir dükan açmagy meýilleşdirýäris» – diýip, söwda nyşanynyň wekili gürrüň berdi.

Meşhur türk brendi «Tudors» öz işine 1998-nji ýylda başlady we gysga wagtyň içinde diňe bir öz watanynda däl, eýsem, bütin dünýäde erkek egin-eşiklerini öndüriji kärhanalaryň arasynda öňdebaryjy orny eýelemegi başardy.

Häzirki güne çenli Italiýada, Bolgariýada, Serbiýada, Kiprde, Gazagystanda we beýleki döwletlerde 228-den gowrak resmi dükany açyldy.

Açylyş dabarasy 13-nji maýda sagat 18:00-da «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda № D59e belgili dükanda geçiriler.

Açylyş dabarasy mynasybetli "Tudors" söwda nyşanynyň ähli önümleri alyjylara 50%-e çenli arzanladylan bahalar bilen hödürlener.

Habarlaşmak üçin:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň