Top.Mail.Ru

Halkara forumlara gatnaşýan myhmanlar Aşgabatdaky teatrlara baryp gördüler

21:4111.05.2022
0
1593

Şu ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogyna gatnaşýan wekiliýet agzalarynyň 11-nji maýda — günüň ikinji ýarymynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky derek hakyndaky täsin rowaýata esaslanýan «Ömür daragty» atly sahna eserine tomaşa etmekleri guraldy.

«Nesil» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, pýesada ýagşy adamlara mahsus bolan gowy ahlak sypatlary, ynsanyň Watana, söýgä, dostluga, maşgala wepalylyk ýaly ýagşy häsiýetleri çeper keşpleriň, aňda galýan tolgundyryjy pursatlaryň üsti bilen tomaşaçylara ýetirilýär.

Pýesanyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowdyr.

Sahna eseri tomaşaçylara türkmen dilinde görkezilip, ol daşary ýurt myhmanlary üçin rus diline sinhron terjime edildi.

Mundan başga-da, halkara foruma gatnaşýan myhmanlar üçin Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda rus dramaturgy A.Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi», Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy Ç.Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi», Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda A.Işangulyýewiň «Çynymy aýtsam» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan oýunlaryň, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy A.Wolodiniň «Bäş agşam», Türkmen döwlet gurjak teatrynda halk ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan «Ýartygulak» sahna oýunlary, Döwlet sirkinde bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň