Soňky habarlar

Arhiw

«Balenciaga» tegmilli sport aýakgaplaryny satuwa çykardy

16:5011.05.2022
0
1191
«Balenciaga» tegmilli sport aýakgaplaryny satuwa çykardy
Surat: balenciaga.com

“Balenciaga” atly lýuks derejeli hasaplanýan brend önümçilikçi “hapa” we ýyrtyk aýakgaby 1290 funt sterling nyrh bilen müşderilere hödürledi. Bu barada Daily Mail neşiri habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

“Paris” atly sport kedilerinde hapany ýatladýan tegmiller, sypjyryklardyr sürtülme yzlary bar, bezegçiler şeýle-de aýakgabyň bagjygyny, tikiniň belli bir ýerini üzüpdirler. Nyşanyň adyny-da ýagly syýa galam bilen köwşüň ökjesine ýazypdyrlar.

Täze haryt gara we goňur reňkde elýeterli.

Emma sosial ulgamlardan peýdalanyjylar “Balenciaga” firmasynyň täze dizaýnerçilik taslamasyny oňlap baranoklar, olar degşip, köne kedileri zyňman geýibermeli, sebäbi täze sport kedisi köne köwüşlerden gaty bir tapawutlanybam baranok diýip degişýärler. Şol bir wagtda täze sport aýakgaplaryna hyrydarlara, ýok däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň