«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy geçiriler. Bu iri halkara forumlara gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalary şu gün Aşgabada gelip başladylar.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Aşgabat Halkara howa menzilinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentleriniň palatalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň Baş sekretarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň garşylanmagy üçin üçin ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi. Myhmanlaryň milli däp-dessurlara laýyklykda garşylanmagy, köçeleriň ugrunda forumlara gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň, dürli dillerdäki ýazgylardyr bezegli diwarlyklaryň bolmagy halkymyzyň myhmansöýerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň nyşanyna öwrülýär.
«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Aşgabat şäherindäki «Oguzkent» myhmanhanasynda ýerleşýän wekiliýet agzalary şu gün günüň ikinji ýarymynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda görkeziljek «Ömür daragty» atly sahna oýnuna tomaşa ederler.
Çeşmäniň habar bermegine görä, häzirki wagtda myhmanlaryň gelmegi dowam edýär.
Şeýle-de okaň: