Soňky habarlar

Arhiw

Forest Uitakere Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasy” gowşurylar

13:0008.05.2022
0
978

“Oskar” kino baýragynyň eýesi Forest Uitaker (“Şotlandiýanyň soňky koroly” («Последний король Шотландии») kinodaky işinde gazanan üstünlikleri üçin Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasy” baýragyny alar, bu barada festiwalyň guramaçylyk edarasy habar berdi diýip, “film.ru” saýty ýazýar.

Dabara 17-nji maýda festiwalyň açylyşynda bolup geçer. Öň bu hormat baýragyna aktýorlar Klint Istwud, Wudi Allen, Jodi Foster, Jeýn Fonda we başgalar mynasyp bolupdy. 1988-nji ýylda

Uitaker Kannda “Guş” («Птица») filmi üçin iň oňat erkek keşbi ugry boýunça baýragyny aldy.

Aktýor şeýle-de “Köpek-salgym: samuraýyň ýoly” («Пёс-призрак: путь самурая»), “Gorky otagy” («Комната страха»), “Ertiriň haýyrly, Wýetnam” («Доброе утро, Вьетнам») ýaly filmlerdäki keşpleri bilen bellidir.

Kann halkara kinofestiwaly 17-28-nji maýda geçer, esasy bäsleşigiň eminler toparyna fransuz aktýory Wensan Lindon ýolbaşçylyk eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň