Soňky habarlar

Arhiw

«Aýntraht» bilen «Reýnjers» UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň finalçylary boldy

11:4006.05.2022
0
6774

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň 2021/2022-nji ýyllardaky möwsüminiň finalçylary belli boldy. Finalda Germaniýanyň «Aýntraht» we Şotlandiýanyň «Reýnjers» toparlary güýç synanşar.

Ýarym finalda «Aýntraht» iňlisleriň «West Heminden» (2:1, 1:0), «Reýnjers» bolsa nemesleriň «RB Leýpsiginden» (0:1, 3:1) üstün çykdy.

Final duşuşygy 18-nji maýda Sewilýa şäherindäki «Ramon Sançes Pishuan» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň