Soýa-mäşiň we mekgejöweniň bahasy ABŞ-daky birža söwdalaşyklarynda rekord derejede gymmatlady, bu azyk hümmetsizlenmesiniň mundan beýläk hem ýokarlanjakdygyny görkezýär diýip, INTERFAX.RU ýazýar.
Soýa-mäşiň bahasy şu ýylyň başyndan bäri 27, mekgejöweniňki bolsa 37 göterim gymmatlady.
Nyrhlaryň ýokarlanmagyna dünýädäki syýasy gapma-garşylyklar, Günorta Amerikada hasylyň bitginsizligi hem-de ýurtda howanyň ýaramazlaşmagy, şeýle-de bioýangyç önümçiligi üçin käbir oba hojalyk ekinleriniň hasylyna islegiň artmagy sebäp boldy diýip, “The Wall Street Journal” gazeti habar berdi.
Ösümlik ýagynyň, bugdaýyň we süläniň bahasy-da bu ýylda rekord derejede gymmatlady.
Bütindünýä Bankynyň çaklamasyna görä, 2022-nji ýylda azyk harytlarynyň 22,9 göterim gymmatlamagyna garaşylýar.
