Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky jemleýji duşuşygynda «Al-Garafadan» üstün çykdy

06:0027.04.2022
0
10017

Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň jemleýji ― altynjy tapgyrynda Kataryň «Al-Garafasy» bilen duşuşdy. Jidda şäherindäki «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadionynda geçirilen duşuşyk «Ahalyň» 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda 32 ýaşly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowyň üç pökgi geçirendigini aýratyn bellemeli. Ol pökgüleriň birini oýun pursadynda, ikisini 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi. «Ahalyň» ýene bir pökgüsini bolsa Mirza Beknazarow öz adyna ýazdyrdy. «Al-Garafadan» bolsa Moaýad Hassan bilen Sofýan Hanni (11 metrlik jerime urgusyndan) tapawutlandy.

Şeýlelikde, «Ahal» dört duşuşyklyk şowusz tapgyrdan soň diňe bir özüniň däl, tutuş türkmen toparlarynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji ýeňşini gazandy.

«Ahalyň» hem wekilçilik eden «C» toparçasyndan Eýranyň «Fulad» we BAE-niň «Şabab Al-Ahli» toparlary ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy. «Al-Garafa» bilen «Ahal» bolsa yklym ýaryşynyň şu möwsümindäki çykyşyny tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň