Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezi öz işini dikelder, maý aýynda Türkmenistanda çäreleriň giň toplumy meýilleşdirildi, Tatarystanda magistrlik maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin resminamalary kabul etmeklik başlandy we beýleki t

11:1423.04.2022
0
36772

1. «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezi 25-nji aprelden myhmanlar üçin ýene-de işläp başlar. Söwda nokatlary arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek şerti bilen hereket ederler.

2. Türkmenistanda maý aýynyň baýramçylyklary üçin çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyldy. 9-njy maýda Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna, 18-nji maýda Konstitusiýa we Baýdak güni mynasybetli gül desselerini goýmak meýilleşdirilýär. Baýramçylyk çäreleri şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni we «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli guralar.

3. Türkmenistanyň raýatlary üçin Tatarystanyň Almetýewsk döwlet nebit institutynda magistrlik maksatnamasy boýunça resminamalary kabul etmeklik başlandy. Okuwyň ahyrynda Türkmenistanda «Tatneftiň» desgalarynda işe ýerleşmek göz öňünde tutulýar.

4. Musulmanlaryň mukaddes gijesi bolan Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 514 sany raýatyň günäsini geçmek hakynda resminama gol çekdi. Döwlet Baştutany günäsi geçilen raýatlaryň tussaglykdan boşadylmagyny we ýakyn günlerde maşgalalaryna gowuşmagyny tabşyrdy.

5. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 13-nji maýda 15:00-da Açyk gapylar güni geçiriler. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312226402, +99312226547.

6. «Türkmentelekom» EAK-nyň Ahal welaýatyndaky müşderileri üçin şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi. Öý telefonlarynyň hasabyna tölegleri Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň internet-portalynyň resmi saýty arkaly geçirip bolýar.

7. 22-nji aprelde Ýer ýüzüniň ýaşaýjylary Halkara Ýer gününi belläp geçdiler. Bu baýramçylyk her bir döwletiň we her bir adamyň umumy öýümiz üçin özüne düşýän jogapkärçiligi duýup ýaşamalydygyny ýatladýar.


8. Katarda pandalar üçin ýörite seýilgäh açylar. Bu haýwanlary Arap ýarym adasynyň kenarlaryna Hytaýdan göçürip getirmek meýilleşdirilýär. Seýilgähi şu ýylyň ikinji ýarymynda açmak meýilleşdirilýär. Haýwanlar üçin Hytaýda kesgitlenen standartlara laýyklykda, howa şertleri döredildi.

9. Rio-de-Žaneýroda her ýylky karnawal badalga aldy. Açylyş dabarasynda «karnawal ýörişiniň koroly Momo» dabaraly ýagdaýda şäheriň simwoliki açary gowşuryldy. Ýöriş samba mekdepleriniň şüweleiňli çykyşlary bilen utgaşýar, 30-njy aprelde bolsa çempionlaryň ýörişi geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň