Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy

22:2222.04.2022
0
21244

Maý aýynda ýurdumyzda medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralary geçiriler. Olaryň maksatnamasy barada 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Hasabatda beýan edilişi ýaly, mynasybetli maý aýynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we beýleki mowzuklaýyn çäreler guralar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň şäher we etrap tapgyrlary hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlary geçiriler.

Oraza baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli hem medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de 12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Aýyň soňky ongünlüginde ýurduň teatrlarynyň arasynda «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwaly geçiriler. Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly däp bolan köpugurly halkara sergi, haly we haly önümleriniň sergisi guralar.

Hormatly Prezident meýilleşdirilen baýramçylyklara we halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň