Ýarym goragçy Anhel Di Mariýanyň PSŽ-den soň karýerasyny Italiýada dowam etdirmegi mümkin. «Ýuwentus» bu futbolçyny düzümde görmäge taýýar.
Argentinaly ýarym goragsynyň özi hem Turin şäheriniň kluby bilen gysga möhletlik (2 ýyllyk) şertnama baglaşmaga garşy däl. Ondan soň bolsa ol karýerasyny MLS-de dowam etdirmek isleýär.
«Ýuwentus» Di Mariýany alyp bilmese, «Şahtýoryň» futbolçysy Dawid Nerese teklip bilen çykmakçy.