Soňky habarlar

Arhiw

«Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi gaýtadan işläp başlar

17:2522.04.2022
0
18071

2022-nji ýylyň 25-nji aprelinden Aşgabat şäherindäki «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi gaýtadan öz işine başlap, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gapysyny giňden açar.

«Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň administrasiyasynyň «Turkmenportal» web saýtymyza habar bermegine görä, söwda-dynç alyş merkezine geljek raýatlar arassaçylyk çärelini berk berjaý edip, köpçülik ýerlerinde 2 metr araçägi saklap, agyz-burun örtüklerini bellenilen kada görä dakynmalydyrlar.

Belläp geçsek, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi 2020-nji ýylyň noýabr aýynda açylyp ulanylmaga berildi. 3 gatly bina 3,8 gektar meýdany eýeläp, 43 müň 560 inedördül metr ýerde bina edildi.

«Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýoly bilen Taslama köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 65 10-86-86.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň