ABŞ-nyň häzirki döwlet baştutany Jozef Baýden özüniň 2024-nji ýylda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etmekçidigini ýurduň öňki lideri Barak Obama habar berdi. Bu barada The Hill gazeti habar berdi diýip, Trend ýazýar.
Şeýle-de Baýden bu barada öňem ýaňzydypdy diýip, neşir nygtaýar.
Ak Tama ýakyn çeşmeleriň biriniň bellemegine görä, Demokratik partiýadan bolan Baýden Respublikan partiýasynyň agzasy, öňki Prezident Donald Trampdan saýlawlarda üstün çykyp biljek mynasyp dalaşgär bolup durýar.
Emma Ak Tam Baýden bilen Obamanyň bu baradaky gürrüňi barada beýanat bermekden ýüz öwürdi diýip, ady agzalan gazet habar berýär.