“MIR24” saýtynyň ýazmagyna görä, Ermenistan simap gyzgyn ölçeýji enjamlardan (termometrlerden) ýüz öwürýär. Şeýle kanuny Respublikanyň Mejlisi kabul etdi, indi ýurtda düzüminde simap bolan enjamlaryň söwdasy we importy ýatyrylýar.
Sanawa barometrler, manometrler we termometrler girdi, häzir hökümet bu harytlary bazardan çykarmagyň möhletiniň üstünde işleýär. Köne gyzgynlyk ölçeýjileri ilatdan ýygnap almazlar, olary toplamak üçin ilki ekologik talaplara laýyk gelýän ammar gurmak gerek. Ermenistanda simaply enjamlary öndüriji kärhanalar ýok, şol sebäpli Respublikada bu himiki elementi aýyrmak kyn düşmez.
Bu barada ýurduň daşky gurşaw ministriniň geňeşçisi Anait Aleksanýan metbugata beren beýanatynda habar berdi.
Ýeri gelende aýtsak, Ermenistan Simap barada Minamat konwensiýasyna bäş ýyl mundan öň goşuldy, resminama ilatyň arasynda agyr zäherlenmeleriň öňüni almak maksady bilen zäherli metaly ulanmagy çäklendirmegi göz öňünde tutýar.
