Döwlet hyzmatlar portalynda aragatnaşyk we jemagat hojalygy hyzmatlaryna onlaýn töleg edip bolýar

18:1018.04.2022
0
15346

Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly töleg hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär. Indi e.gov.tm saýtyndan peýdalanýan ulanyjylar aragatnaşyk we jemagat hojalygy hyzmatlary üçin onlaýn görnüşde töleg edip bilerler.

Munuň üçin şu amallary ýerine ýetirmeli:

  • Öz login we açar sözüňiz bilen Döwlet hyzmatlar portalyna girmeli;
  • Hyzmatyň görnüşini saýlamaly;
  • Salgylary yzarlamak bilen, telefon belgisini, şahsy hasaby hem-de hasaplaşyk depderini döretmeli;
  • Tölemek düwmesine basmaly.

Belläp geçsek, e.gov.tm portaly arkaly bank amallaryndan “Altyn Asyr” bank kartlary bilen töleg edip bolýar.

Mundan başga-da, ondaky şahsy otagda dürli kepilnamalary resmileşdirmek, biometrik pasport, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň kabul edişligine ýazylmak, uçara, otla petek almak we beýleki hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz.

Internet portaly işläp taýýarlaýjylar onuň ýakyn geljekde has-da kämilleşdiriljekdigini hem-de onuň netijesinde raýatlara hödürlenilýän hyzmatlaryň örän ýeňilleşjekdigi barada belleýärler.

Häzirki wagtda Döwlet hyzmatlar portalynda bilim ulgamy, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, zähmet üpjünçiligi, hukuk maslahaty we ş.m. beýleki ugurlary özünde jemleýän 15 bölümiň hyzmaty ulanyjylar üçin elýeterdir.

Hyzmatlar barada has giňişleýin maglumatlary Döwlet hyzmatlar portalynyň web saýtyna girip ýa-da 48-00-65 belgä jaň edip alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň