Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordaky ilkinji ýeňşinden soň pikirlerini paýlaşdy

14:0016.04.2022
0
34451

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmenistanly pälwan Döwlet Ýagşymyradow Bellatordaky ilkinji ýeňşini gazandy. Ol Bellator 277-niň çäginde braziliýaly garşydaşy Rafael Karwalýony tehniki nakaut bilen ýeňdi.

Tutluşykdan soňra geçirilen metbugat maslahatynda ildeşimiz pikirlerini paýlaşyp, žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

― Ilkinji ýeňşiňiz bilen gutlaýarys. Bu ýeňşiň indiki ýeňişleriň hem başy boljakdygyna umyt edýäris.

― Köp sag boluň! Menem şol umytda!

― Tutluşykdan öň «Ýeňiş gazanyp bilerin» diýip pikir edýärdiňizmi?

― Men burçda duran tälimçilerimiziň aýdanyndan çykmadym. Aslynda, hemme zat göz öňünde tutulyşy ýaly gitdi. Tutluşygy üçünji döwe çenlli aman-sag dowam etdirip, ýeňiş gazanmagy niýet edinýärdik. Görşüňiz ýaly, ol ikinji döwde tamamlandy.

― Ýeňişden soňky ilkinji duýgularyňyzy paýlaşaýsaňyz! Bu ýeňşi watandaşlaryňyz nähili kabul etdi?

― Alhamdilullah, Gudraty Güýçliniň kömegi bilen ýeňiş gazandyk. Ýeňijileriň tolkunyna goşulýandygym üçin men diýseň şat. Soňky iki tuluşygym birneme kyn düşüpdi. Ýöne, Hudaýa şükür, ähli zat düzeldi.

Meni goldan watandaşlarymyň ählisine hoşallyk bildirýärin.

― ABŞ-nyň «American Top Team» sport toplumynda türgenleşdiňiz. Karwalýo bilen bile türgenleşen wagtyňyz hem boldumy?

― Dogrusyny aýtsam, oňa garşy tutluşmak ýeňil däldi. Ol meniň dostum. Başga bir garşydaş bilen boljak tutluşygyma bile taýýarlandyk. Ýöne Rafaeliň özi bilen birki türgenleşikde gabat gelendirin. Esasan, onuň watandaşlary ―braziller bilen köp türgenleşdim. Rafael bu tutluşyga razy boldy. Tälimçiler bilen maslahatlaşdyk, çünki ikimize-de şol bir tälim tälim berýär. Olar garşy bolup durmadylar. Rafael bilen tutluşmalydygym belli bolansoň, ozalky taýýarlap ýören taktikamy biraz üýtgetmeli boldum. Çünki Rafael ozalky garşydaş däl. Ol, meniň pikirimçe, has güýçli garşydaş, Bellatoryňam çempiony. Ähli zady tälimçilerimiň görkezmesi bilen etdim we üstünlik gazandym.

Rafaele-de köp sagbolsun aýdýaryn. Ol bolmadyk bolsa, garşydaşsyz galardym. Gysga wagtyň içinde şeýle uly derejedäki tutluşyga gatnaşmak uly ýürek talap edýär. Ol ― gowy ýigit!

― Indiki tutluşygyňyza haçan garaşyp bileris?

― Men islendik wagtda taýýar, hatda ertir bolsa-da! Maňa haçan garşydaş berseler, şoňa taýýar bolup bilerin. Arasyna alty aý salyp tutluşyklara çykmak maňa-da ýaranok. Belki, sebäpleri bardyr. Bellator şu gün maňa garşydaş tapyp berdi, boş goýmady, ýöne men has ýygy tutluşmak isleýärin. Garşydaş saýlap durmaryn.

Bellatordaky ilkinji tutluşyklarda tamamlanmadyk işlerim galdy. Elbetde, ligada başga-da güýçli wekiller kän. Ýöne men, mümkinçilik döredilse, ilkinji iki garşydaşym bilen gaýtadan tutluşmak isleýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sagbolsunymy aýdýaryn we hormatly Prezidentimizi saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutlaýaryn. 2017-nji ýylda sport bilen hoşlaşmak islänimde, ol maňa ruhy güýç beripdi, öňe gitmäge iteripdi. Bu goldaw bilen men gaýtadan doguldym.

Gyzgyn goldawy üçin ähli dostlarymyza hoşallyk bildirýärin. Ählisi üçin köp sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň