Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Ýürege barýan ýol» atly halkara maslahaty geçirmegi teklip edýär

16:2914.04.2022
0
7630
Türkmenistan «Ýürege barýan ýol» atly halkara maslahaty geçirmegi teklip edýär

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde wideoaragatnaşyk arkaly «Ýürege barýan ýol» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda interwasion kordiologiýa we aritmologiýa bejerişiň innowasion usulyna seredildi. Gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalary, aritmiýany, ýürek ýetmezçiligi, şeýle hem beýleki ýürek-damar keselini anyklaýyş we bejeriş usulyny ara alyp maslahatlaşdylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligi, Ýüpek ýolynyň ýürek sazlaşygynyň Jemgyýeti, şeýle hem Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Maslahata saglygy goraýyş ugry boýunça Türkmenistanyň, Gruziýanyň, ABŞ-nyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.

Çeşmäniň habar bermegine görä, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda türkmen we gruzin hünärmenleri gelejekde hem bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ösdürmek boýunça öz pikirlerini beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň