Top.Mail.Ru

Arhiw

Kuweýt Aziýa ýurtlaryna satýan nebitiniň nyrhyny gymmatlatmakçy

17:3513.04.2022
0
1642
Kuweýt Aziýa ýurtlaryna satýan nebitiniň nyrhyny gymmatlatmakçy
Surat: planetofhotels.com

Kuweýt öňdäki maý aýynda Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin satmagy meýilleşdirýän nebitiniň bahasyny rekord derejede galdyrdy diýip, TASS ýazýar.

Nebitiň Kuwait Export Crude görnüşiniň bir barrel üçin bahasy apreldäkiden 4,5 amerikan dollary möçberde gymmatlar, netijede ol Omanyň we Dubaýyň nebitinden 9,3 $ gymmat bolar.

Kuwait Super Light Crude görnüşiniň nyrhy hem apreldäkiden 3,7 $ gymmatlap, Omanyň we Dubaýyň nebitinden 9,65 $ ýokary bolar.

Mundan öň, 4-nji aprelde Saud Arabystanynyň Saudi Aramco milli nebit kompaniýasy öz öndürýän nebit görnüşleriniň maý aýynda satyljak ähli sebitlerden bolan müşderiler üçin nyrhlaryny 2,2-5,65 $ aralygynda gymmatlatjakdygyny habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň