BMGÖM halkara taslamanyň dolandyryjysynyň iş ornunyň boşdugyny yglan etdi

11:0806.04.2022
0
7934

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Global Gaznanyň taslamasynyň dolandyryjysy wezipesine işe çagyrýar.

Dalaşgärden edilýän talaplar:

  • ýokary bilim;
  • milli ýa-da halkara derejesindäki taslamalary dolandyrmak boýunça azyndan 4 ýyl iş tejribesi (ýa-da azyndan 2, ýöne magistr derejesi bolmaly);
  • iňlis, rus we türkmen dillerini erkin bilmeli;
  • jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda magistr derejesiniň bolmagy aýratynlyk bolup biler, ýöne hökmany däl;
  • saglygy goraýyş ulgamynda ýa-da lukmançylykda taslamalary dolandyrmak tejribesi aýratynlyk bolup biler, ýöne hökmany däl.

Has giňişleýin maglumaty (iňlis dilinde) şu ýerden alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (12) 48-83-25 (26), +993 (64) 05-84-92.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň