Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kompozitory bütinrussiýa saz bäsleşiginde ýeňiji boldy

23:3604.04.2022
0
17841

Türkmenistanly kompozitor Merdan Bäşimow ýaş kompozitorlaryň arasynda geçirilýän bütinrussiýa saz bäsleşiginde üstünlik gazandy. Asly Aşgabatdan bolan Merdan Bäşimow bäsleşigiň «Estrado-simfoniki saz» ugry boýunça ýeňiş gazandy.

Bäsleşik saz döretmek sungatynyň 8 ugry boýunça geçirildi. Şu ýyl bäsleşigiň ýeňijilerini 200 müň rubl berilýän nobatdaky tapgyrynda ýaş kompozitorlaryň 800-si öz başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerini rus we daşary ýurt aýdym-saz ussatlary kesgitlediler. Olaryň arasynda Ýuriý Başmet, Alekseý Rybnikow, Fabio Mastrandjelo, Maksim Dunaýewskiý, Dmitriý Bertman, Igor Butman, Mihail Granowskiý, Ýuriý Poteýenko, Aleksandr Sokolow, Raşid Kalimullin, Iwan Burlýaýew, Wera Tariwerdiýew, Lew Kontorowiç, Iwan Sibin, Georgiý Isaakýan, Andreý Borisow, Wiktor Pleşat we beýlekiler, jemi 50 sany emin agzasy bar. Merdanyň işine eminleriň 40-sy ýokary baha berdi.

Bäsleşige gatnaşanlaryň içinden ilki 35-si saýlandy Merdanyň işi hem şol 35-lige girmegi başardy. Olaryň arasyndan bolsa garaşylmadyk ýagdaýda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda Merdan ýeňiji diýlip yglan edildi.

Merdan kiçiliginden saz bilen gyzyklanyp başlady. Onuň aýdym-saza bolan söýgüsi ony 2005-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine getirdi. Bu sazçylyk mekdebini üstünlikli tamamlan Merdan Türkmenistanyň we Russiýanyň meşhur saz toparlarynyň birnäçesinde zähmet çekdi.

Ol 2017-nji ýylda Kazan şäherindäki N.G.Žiganow adyndaky döwlet konserwatoriýasyny tamamlady. Häzirki wagtda Merdan Bäşimow bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň