Soňky habarlar

Arhiw

Şekilleriň GIF ölçegini dörediji Uilhaýt aradan çykdy

14:3824.03.2022
0
901
Şekilleriň GIF ölçegini dörediji Uilhaýt aradan çykdy
Surat: 10news.com

Şekilleriň GIF ölçegini dörediji Stiwen Uilhaýt 74 ýaşynda COVID-19 ýokanjyndan aradan çykdy, bu barada NBC News teleýaýlymy habar berdi diýip, RIANowosti ýazýar.

Şekilleriň Graphics Interchange Format (GIF) ölçegi Uilhaýt tarapyndan 1987-nji ýylda, Compuserve kompaniýasynda işleýärkä döredildi. Soňra bu ölçeg sosial ulgamlarda duýgulary birek-birege ýollamagyň esasy usullarynyň biri boldy.

2013-nji ýylda Uilhaýt 17-nji Webby Awards baýraklarynyň gowşurylyşynda internet-medeniýetine goşan goşandy üçin Lifetime Achievement Award baýragyny aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň