Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi

10:5524.03.2022
0
1781

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Duşuşykda opera aýdymçysy, Türkmenistanyň ilkinji wokalçysy bolan halypanyň ýerine ýetiren aýdymlary ýygnananlarda ýakymly täsir galdyrdy. Esasan-da, şahyr Gurbannazar Ezizowyň, Geldi Bäşiýewiň, Döwletgeldi Annamyradowyň, Allaýar Çüriýewiň sözlerine, Nury Halmämmedowyň, Rejep Rejebowyň, Daňatar Hydyrowyň sazlaryna döredilen «Uzak ýaşa, Arkadag!», «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok», «Aşgabat», «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi», «Şahyr ýüregi», «Gyzlaryma», «Gel, obamyň lälesi», «Dostlaryma» ýaly aýdymlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Arhiw ýazgylaryndan taýýarlanylyp görkezilen wideoşekiller duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Duşuşykda ussat aýdymçynyň bile işleşen ýoldaşlary, şeýle hem halypa ýazyjydyr şahyrlaryň çykyşlaryna-da giň orun berildi. Atageldi Garýagdyýew indi köp ýyllardan bäri ýaşlara halypa maslahatlaryny berip, olaryň ussatlyga ýetmegine mynasyp goşandyny goşýar. Bu günki gün onuň şägirtleri barmak büküp sanardan köpdür. Halypany 70 ýaş ýubileýi bilen gutlap çykyş edenler, onuň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ýaş nesle nusgalyk eserlerdigini biragyzdan nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň