Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow indiki tutluşygyny aprel aýynda geçirer

02:2524.03.2022
0
27561

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordaky indiki duşuşygyny aprel aýynda geçirer. Bu tutluşyk Bellator 277-niň çäginde guralar. Biziň ildeşimiziň garşydaşy amerikaly Toni Jonson bolar. Bu barada Sports Illustrated habar berdi.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, bu tutluşyk 15-nji aprelde geçiriljek ýaryşyň düzümine goşuldy. Günüň esasy tutluşygy ýarym agyr agramda russiýaly Wadim Nemkow bilen amerikaly Kori Andersonyň arasynda geçiriler.

Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellatordaky ilkinji iki tutluşygynda Kori Andersondan we Karl Albrektssondan asgyn gelendigini ýatladýarys. Bu tutluşyklaryň ikisi hem 2021-nji ýylda geçirilipdi.

32 ýaşly pälwan Bellator bilen 2020-nji ýylyň dekabr aýynda şertnama baglaşdy. Ol bu liga Türkmenistandan wekilçilik edýän ilkinji türgendir. Döwletjanyň garşydaşy Toni Jonson 38 ýaşynda. Ol henize çenli 12 tutluşyk geçirdi we 3 gezek ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň