Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Halkara Nowruz güni bellenilýär

10:3122.03.2022
0
5443
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni bellenilýär

21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi giňden bellenilýär. Bu milli baýram ýurduň ähli ýerinde uly ruhubelentlik beslenýär. Baýramçylygyň esasy wakalary bolsa Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Bu ýerde milli dessurlaryň we özboluşly ýörelgeleriň bitewi sazlaşygyny döreden ertekilerdäki şäheriň keşbi janlandyryldy.

Hatara düzülen ak öýler, haly düşelen sekiler, bereketli gazanlar, ruhubelent aýdym-sazlar we şatlyk-şowhun bu günki baýrama özboluşly dabara berýär. Nowruz baýramynyň hormatyna guralan toýda älemgoşar öwüşginli bezegleri bolan öýleriň ýanynda hoş owazly aýdymlar belentden ýaňlandy.

Baýramçylyk meýdançasynyň esasy girelgesinde myhmanlary — hormatly ýaşululary, dürli zähmetkeş toparlarynyň wekillerini, köp sanly aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny, ilki bilen, çagalar garşylap, Nowruz baýramyna bagyşlanan goşgyny ruhubelentlik bilen okadylar.

Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Bu sene adamlaryň arasynda ylalaşyklylygyň berkarar bolýandygyny äşgär edýär. 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu baýram iň ähmiýetli we möhüm baýramlaryň biridir.

Bu ýerde milli ylma, ýurduň taryhyna bagyşlanan sahnalaşdyrylan çykyşlar guraldy. Şolarda teatrlaryň artistleri dünýäde filosofiýanyň, lukmançylygyň, matematikanyň, astronomiýanyň we beýleki ylymlaryň ösüşine mynasyp goşant goşan Gündogaryň görnükli alymlarynyň keşplerini janlandyrdylar. Döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň belent ruha beslenen aýdymlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çagalar hormatly myhmanlary şadyýan, belent owazly aýdymlary, labyzly goşgulary bilen garşyladylar.

Şeýle hem bugdaý däneleriniň şinelendirilişi, Nowruzyň esasy tagamy bolan semeniniň taýýarlanylyşy görkezildi. Şu ýerde taýýarlanylan milli tagamlar, tamdyrdan çykan çörek baýramçylyga gatnaşyjylara hödür edildi. Mundan başga-da, çal, gatyk, süzme, aýran we beýleki süýt önümleriniň taýýarlanyş usullary görkezilýär. Dabaranyň çäklerinde ýüň egrilişini, gamyş dokalyşyny görmek bolýar. Isleg bildirenler keçe taýýarlamagyň usullaryny hem öwrenip bilýärler.

Baýramçylygyň geçýän ýerinde agyllary, öri meýdanlaryny synlamak bolýar. Ýurdumyzyň tans toparlary çopan tansyny ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşyjylar agyllardaky dowarlary synladylar. Goýun sürülerini goramaga werziş bolan alabaýlar olaryň aýratyn ünsüni çekdi. Eýesine wepaly alabaýlary ýetişdirmegiň usullary türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar we ol häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýär.

Bu ýerde guralan sergide bereketli topragymyzda ýetişdirilýän önümler hem-de ekerançylygyň baý milli däpleri görkezildi. Ähli ýerde ýörite gapda ösdürilýän we Nowruzyň esasy baýramçylyk bezegi bolan gök öwüsýän bugdaý maýsalary bar.

Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri halk döredijiliginiň ähli görnüşlerini, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemledi. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bu baýramçylyga gatnaşan döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapdy.

Serginiň ekerançylyk bölüminde suwaryşyň gadymy usullary görkezildi. Ýaş oglanlar jykyryň ýörite gaplar berkidilen tegelek halkasyny herekete getirýärler. Şular ýaly usul bilen gadymy döwürde ekerançylyk meýdanlary, bag-bakjalar, üzüm suwarylypdyr. Joşgunly sazlar bilen birlikde, oba hojalyk işleriniň esasy pursatlary görkezildi.

Häzirki zaman ýyladyşhana toplumlarynyň şekilleriniň ýanynda milli önüm öndürijileriň dürli oba hojalyk önümleriniň, bag nahallarynyň, türkmen agaçlarynyň we dag etekleriniň, meýdanlarynyň bezegi bolan gülleriň sergisi guraldy. Nowruz ekerançylykda täze möwsüme badalga berýär.

Türkmen halky toý-dabaralarda at çapyşyklaryna möhüm ähmiýet berýär. Birnäçe halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, abraýly baýraklaryň eýesi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylar üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Çalasyn türkmen ýigitleri sarç bedewlere atlanyp, çylşyrymly çykyşlary we ussatlyklary bilen ýatdan çykmajak pursatlary görkezdiler. Atly ýigitleriň çalasyn hereketleri ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi bilen bitewi sazlaşygy emele getirdi.

Bu ýerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän halk senetçilik däpleri görkezilýär. Ak öýleriň ýanynda ajaýyp el işlerini döredýän zenanlary we meşhur artistleri görmek bolýar. Halylaryň, dokma önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi edebi-sazly çykyş bilen sazlaşykly utgaşdy.

Bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlary dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Diňleýjiler ajaýyp çykyşlara hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem meşhur sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, tans toparlarynyň çykyşlary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi.

Dabaranyň dowamynda ýaşlar milli oýunlary görkezdiler. Ýerine ýetirilen aýdymlar, tanslar olaryň dabarasyny has-da artdyrdy. Sirk artistleriniň we beýleki çylşyrymly oýunlary ýerine ýetirýän ussatlaryň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Serginiň “Nowruz aşhanasy” bölüminde desterhanlar giňden ýazylyp, olar milli tagamlar, dürli ir-iýmişler bilen bezeldi. Ussat aşpezler tagamlaryň taýýarlanyş usullarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler.

Baýramçylyk äheňinde bezelen belent başly hiňňildiklerde bat alýan ýaşlaryň şatlykly sesleri baýramçylyga aýratyn dabara eçildi. Olar türkmen toýlarynyň esasy bezegi bolan hiňňildikde uçup, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryna täze güýç, arassa yhlas we nurana arzuwlar bilen gadam goýýandyklaryny görkezýärler.

Aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary, şol sanda nusgawy aýdymlaryň we sazlaryň häzirki zaman estrada öwüşginleri bilen sazlaşmasy dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy «küştdepdi» tansy türkmen durmuşynyň ösüşini, beýik ýeňişlere ynamly gadamyny alamatlandyrdy. Nowruz baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar gadymy baýramçylyk dessurlarynyň häzirki döwürde ösdürilýändigini, döwürleri hem-de nesilleri baglanyşdyrýandygyny aýdyň görkezdi.

Müňýyllyklar we asyrlar geçse-de, bu baýramyň ähmiýeti birjikde peselmeýär. Taryhy tapgyrlary geçip gelen Nowruz türkmen halkynyň häzirki durmuşynda-da möhüm orun eýeleýär. Öwşün atýan gymmat bahaly daş kimin, bu baýram adamlara şatlyk eçilýär we gözelligi, hoşniýetliligi, dost-doganlyga, agzybirlige bolan çagyryşy, ruhubelentligi özünde jemleýär.

Şu gün Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem guraldy.

Türkmen halkynyň pelsepewi dünýägaraýşyny we ähli döwürlerde-de aýratyn ähmiýeti bolan ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar.

Häzirki zaman jemgyýetimiziň ruhubelentliginiň, zähmetsöýerliginiň aýdyň nyşany bolan bu sene halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyryp, ýüreklerde ata Watanymyza, bagtyýar şu günümize hem-de nurana geljegimize buýsanç duýgularyny berkidýär. Munuň özi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, durmuş, jemgyýetçilik-syýasy ösüşi, medeni hem-de ruhy baýlygy alamatlandyrýar.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň