Soňky habarlar

Arhiw

«El-Klasiko»: «Barselona» «Realy» uly hasap bilen ýeňdi

02:5421.03.2022
0
6048

La Liganyň 29-njy tapgyrynda "Barselona" "Real Madridi" öz öýünde 4:0 hasabynda utdy.

Gollar:

Obameýang (29-nji minutda, asist Dembele) — 1:0,

Arauha (38-nji minutda, asist Dembele) — 2:0,

Ferran Torres (47-nji minutda, asist Obameýang) — 3:0,

Obameýang (51-nji minutda, asist Ferran Torres) — 4:0.

«El-Klasiko» barada käbir bellikler:

Oýunda iki gol geçiren Obameýang XXI asyrda "Reala" garşy soňky bäş oýnuň ählisinde gol geçiren ilkinji oýunçy boldy. Ol jemi 6 top geçirdi.

"Barselona" 12 oýun bäri ýeňilmän gelýär. Topar dokuz gezek ýeňiş gazandy we üç gezek deň oýnady.

"Barselona" "Reala" garşy bäş utulyşdan soň, ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Topar soňky gezek 2019-njy ýylyň martynda "Real Madridi" 1:0 hasabynda utupdy. Şondan soň toparlar bir gezek deň oýnadylar. Soňra "Real" bäş gezek yzly-yzyna ýeňiş gazandy.

"Barselona" ezeli garşydaşyny üstümizdäki asyrda jemi 9 gezek uly hasap bilen utdy.

"Barselonanyň" XXI asyrda "Real Madridi" uly hasapda utan oýunlary:

20-nji noýabr, 2004 ý.: "Barselona" — "Real Madrid" — 3:0;

19-njy noýabr, 2005 ý.: "Real Madrid" — "Barselona" — 0:3;

2-nji maý, 2009 ý.: "Real Madrid" — "Barselona" — 2:6;

29-njy noýabr, 2010 ý.: "Barselona" — "Real Madrid" — 5:0;

21-nji noýabr, 2015 ý.: "Real Madrid" — "Barselona" — 0:4;

23-nji dekabr, 2017 ý.: "Real Madrid" — "Barselona" — 0:3;

28-nji oktýabr, 2018 ý.: "Barselona" — "Real Madrid" — 5:1;

27-nji fewral, 2019 ý.: "Real Madrid" — "Barselona" — 0:3, ​​oýun Ispaniýa kubogynyň çäginde geçirildi.

2022-nji ýylyň 21-nji marty: "Real Madrid" — "Barselona" — 0:4.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň