Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa ligasynda çärýek final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi

18:0218.03.2022
0
2871

Şu gün UEFA-nyň Nýon şäherindäki ştab-kwartirasynda Ýewropa ligasynyň çärýek final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi.

Bijeler 1/8 finalda üstünlikli çykyş eden «RB Leýpsig», «Atalanta», «Braga», «Reýnjers», «Barselona», «Aýntraht», «West Hem» we «Lion» toparlarynyň arasynda çekildi.

Oňa görä, Germaniýanyň soňky ýyllarda üstünlikli çykyş edýän toparlarynyň biri bolan «RB Leýpsig» çärýek finalda Italiýanyň «Atalantansynyň» garşydaşy bolar. Germaniýanyň bu ýaryşda ýoluny üstünlikli dowam etdirýän başga bir wekili «Aýntraht» bolsa ýarym final üçin Ispaniýanyň «Barselonasy» bilen göreşer. Iňlisleriň «West Heminiň» indiki garşydaşy Fransiýanyň «Liony» boldy. Çärýek finalyň ahyrky jübüti «Braga» (Portugaliýa) ― «Reýnjers» (Şotlandiýa) boldy.

Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 7-nji aprelde, jogap oýunlary bolsa 14-nji aprelde geçiriler. Şol günlerde ýeňiş gazanan toparlar 28-nji aprelde we 5-nji maýda geçiriljek ýarym final duşuşyklaryna gatnaşar.

Ýeri gelende aýtsak, «RB Leýpsig» we «Atalantanyň» arasyndaky ýeňiji ýarym finalda «Braga» ― «Reýnjers» duşuşygynyň rüstem gelen tarapy bilen duşuşar. Şeýle hem «West Hem» ― «Lion» duşuşygynda ýeňiş gazanan toparyň ýarym finaldaky garşydaşy «Aýntraht» ― «Barselona» jübütiniň ýeňijisi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň