Soňky habarlar

Arhiw

«Nasaf» bu ýyl «Altyn asyryň» garşydaşy bolmaz, ol AFK-nyň Çempionlar ligasyna hukuk gazandy

23:3015.03.2022
0
3794

Şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşyklary geçirildi. Şolaryň birinde BAE-de «Baniýas» futbol topary Özbegistanyň «Nasafyny» kabul etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Nasaf» bu duşuşykda ýeňiş gazanyp bilse, ýoluny yklymyň birinji derejeli ýaryşynda dowam etdirjekdi, eger topar ýeňilse, geçen ýylda bolşy ýaly, AFK-nyň kubogynda «Altyn asyryň» garşydaşy boljakdy.

Agşam sagat 21:15-de başlanan duşuşykda «Nasaf» ýer eýelerini 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda ilkinji pökgini 27-nji minutda Şerzod Nasrullaýew geçirdi. 75-nji minutda bolsa AFK-nyň kubogy ― 2021-iň iň netijeli futbolçysy Husaýn Norçaýew bu ýeňşi has berkitdi.

Şeýlelikde, «Nasaf» Aziýanyň Çempionlar ligasynyň «E» toparçasyna adyny goşdurmagy başaardy. Bu toparçada ozal Kataryň «Al-Sadd», Saud Arabystanynyň «Al-Faýsali» we Iordaniýanyň «Al-Wehdat» toparlary bardy.

Bu toparçanyň duşuşyklary 7 ― 27-nji aprel aralygynda Saud Arabystanynyň Dammam şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň