Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gark bolan gadymy rim gämisinden tapyndylar alyndy

16:0010.03.2022
0
1177
Gark bolan gadymy rim gämisinden tapyndylar alyndy
Foto: mir24.tv

Ispaniýanyň iri uniwersitetleriniň üçüsinden bolan hünärmenler topary mundan 1700 ýyl öň Malorkanyň kenarynda gark bolan gadymyrim söwda gämisini öwrenmäge girişdiler. Çakyr, zeýtun we balyk ýagyndan ybarat bolan ýükli gämi günorta-günbatar Ispaniýadan Italiýa barýan ekeni diýip, The Guardian neşiri ýazýar diýip, MIR24 habar berýär.

Ýolda gämi Palma aýlagynda düşläpdir, emma howa bulaşyp, ol suwa gark bolupdyr. Ol uzak wagtlap, bary-ýogy iki metr çuňlukda ellenmän galypdyr.

Guwwaslar indi ondan biziň eýýamymyzyň dördünji asyrynda ýaşan Ortaýerdeňzi sebitiniň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýän amforalaryň (antik dünýäsinde we X-XII asyr Kiýew Rusunda - giňden ýaýran, küýze görnüşli gap) üç ýüzüsini hem-de beýleki zatlary çykardylar. Olaryň arasynda gaýyş we ýüpli aýakgaplar, piti we rim ussalarynyň ulanan serişdeleri hem bar.

“Ses Fontanelles” atly gämini mundan üç ýyl öň güýçli harasat wagty tapdylar, tolkunlar kenarýaka çägeligi ýuwanda, gäminiň üsti açyldy.

“Gämiden tapylan zatlar diýseň oňat saklanypdyr, biz mata bölegini, gaýyş aýakgap hem tapdyk” diýip, Barselona uniwersitetiniň arheology Migel Anhel Kau aýdýar.

Amforalaryň toýnunyň düzümindäki minerallar gäminiň Ispaniýanyň Kartahena sebitinden ýüzüşe başlandygyny görkezýär. Açyş Rim imperiýasy döwründe Baelar adalarynyň uly söwda hem strategiki ähmiýetiniň bolandygyna güwä geçýär, olar Pireneý we Italiýa adalarynyň arasynda möhüm çatryk eken.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň