Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý kompaniýasy Owganystanda mis gazyp almaga başlar

14:3103.03.2022
0
872
Hytaý kompaniýasy Owganystanda mis gazyp almaga başlar
Foto: quote.rbc.ru

INTERFAX.RU habarlar gullugy Hytaýyň MCC kompaniýasynyň golaý günlerde Owganystanyň gündogaryndaky Logar ülkesinde mis gazyp çykarmak bilen meşgullanmaga başlaýandygyny habar berdi.

Hytaýyň Metallurgical Corporation of China Limited (MCC) gurluşyk we dag-magdan korporasiýasy Hytaýyň China Metallurgical Group Corporation atly döwlet korporasiýasynyň golçur kärhanasydyr.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, Aýnak käni Ýewraziýada iň iri mis gorlaryna eýedir, ol ýerde bu gymmatly magdanyň 450 million tonnasy bar.

Öň hytaý kompaniýalary Owganystandaky litiý magdanynyň ýataklaryna hem gyzyklanma bildirýändiklerini habar beripdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň