Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew Gazagystanyň «Kaýratynyň» başynda täze möwsüme ýurduň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk bilen başlady. Duşuşyk düýn Nur-Sultan şäherindäki «Astana» stadionynda geçirildi.
«Kaýratyň» Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykda garşydaşy «Tobol» futbol topary boldy. Ilkinji minutlardan dartgynly başlan duşuşyk «Tobolyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň pökgülerini 30-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Serikžan Mužikow bilen 89-njy minutda Aýbar Žaksylykow geçirdi. «Kaýratyň» ýeke-täk pökgüsini bolsa 40-njy minutda Žuan Paulo Silwa öz adyna ýazdyrdy.
Şeýlelikde, «Kaýrat» heniz möwsümiň başynda kubok gazanmak mümkinçiligini ýitirdi. Möwsümde ýurduň çempionlygyny maksat edinýän «Kaýrat» çempionatdaky duşuşyklaryna hem sanlyja günden girişer.