Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew serbiýaly Nowak Jokowiçi yzda galdyryp, bütindünýä reýtinginiň birinji basgançagyna çykdy. Bu barada ATP-niň täzelän reýting sanawynda hem görkezilýär.
Bu sanawyň birinji basgançagynyň eýesi soňky 2 ýyldan bäri üýtgemän gelýärdi. Medwedew Nowak Jokowiçiň ATP-500 ýaryşynyň çärýek finalynda (Dubaý ş.) ýeňilmeginden soň sanawyň başyna geçdi. Daniil bolsa ATP-500-iň Meksikadaky ýaryşynda ýarym finala baryp bildi.
28-nji fewraldaky ýagdaýa görä, täze reýtingdäki ilkinji bäşlik:
1. Daniil Medwedew (Russiýa) ― 8615 utuk;
2. Nowak Jokowiç (Serbiýa) ― 8465 utuk;
3. Aleksandr Zwerew (Germaniýa) ― 7515 utuk;
4. Rafael Nadal (Ispaniýa) ― 6515 utuk;
5. Stefanos Sisipas (Gresiýa) ― 6445 utuk.