Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Aşgabatdan we Daşoguzdan görkezilen dalaşgärleri bellige aldy

21:2122.02.2022
0
7178

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine Aşgabat şäherinden we Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilen Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.

Düýn paýtagtymyzda we ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde geçirilen ýygnaklaryň barşynda dalaşgärleriň hormata mynasyp hünär we guramaçylyk başarnyklary, şahsy häsiýetleri bellenildi. Munuň özi olary iň ýokary döwlet wezipesine hödürlemek baradaky çözgüdiň kabul edilmegine ýardam etdi.

Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow dalaşgär hökmünde hödürlenildi. Olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Öz nobatynda, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler öz üstüne düşýän jogapkärçilige düşünýändiklerini aýtdylar we bildirilen ynamy ödemek üçin güýç-gaýratlaryny, tejribelerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä — 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär.

Dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäresi tamamlanandan soň, iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary geçirilýär. Şol duşuşyklar düýn başlady. Ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek üçin deň mümkinçilikler kepillendirilýär.

Açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçýän şu möwsümiň giň bäsleşik esasyna hem-de umumy kabul edilen halkara kadalara laýyk gelmegi Türkmenistanyň hakyky demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň