Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britan premýeri polisiýanyň soraglaryna jogap berdi

15:2319.02.2022
0
968
Britan premýeri polisiýanyň soraglaryna jogap berdi
Surat: Газета.Ру

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Skotlend-Ýard polisiýa edarasynyň koronawirus çäklendirmeleri döwründe Dauning-stritdäki edarasynda guran meýlisleri bilen bagly soraglaryna jogap berdi. Bu barada düýn Evening Standard neşiri ýazdy diýip, «Izwestiýa» habar berýär.

Polisiýanyň soraglary beýan edilen şeýle haty şol meýlislere gatnaşanlaryň 50-si aldy. Şeýtmek bilen, polisiýa gullugy bolup geçen wakalaryň ähli ýagdaýlaryny anyklaşdyrmak isleýär, günäkärlere kowide garşy çäreleri bozandyklary üçin pul jerimeleri garaşýar.

Öň Jonson şeýle agşamlara gatnaşandygy üçin resmi ötünç sorapdy.

Şu ýylyň ýanwarynda lokdaun wagty premýer-ministriň Londonyň Dauning-strit, 10 salgydaky edarasynda «çakyrly agşamlaryň» yzygiderli guralyp gelnendigi habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň