Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de daşky gurşawy goramak we ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de türkmen tebigatyny aýawly saklamak boýunça geçirilýän giň gerimli işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.
Resminama laýyklykda, şu ýyl ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer ýokary hasyl ýetişdirmek babatda oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Milli hem-de ählumumy derejede ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň döremegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň we tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany obasenagat toplumyny kämilleşdirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplara laýyklykda, ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Milletiň Lideri «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» hem-de «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky» Kararlara gol çekip hem-de olary ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.