Arhiw

Google «Roboto Serif» atly täze şrift hödürledi

14:5818.02.2022
0
3390
Google «Roboto Serif» atly täze şrift hödürledi

Google saýtlaryň rahat okalmagyny we ulanyjynyň tejribesini artdyrmagyny üpjün edýän şriftler ýygyndysyna täzelik goşdy.

Täze goşulan «Roboto Serif» şrifti «Material Design» düşünjesiniň bir bölegi hökmünde ýerleşýär. Inçe serifler bilen asyl minimalistik dizaýndan başga-da, täze ýazuw görnüşi özleşdirmegiň köp görnüşine eýedir. Şeýlelikde, meselem, dört esasy parametr boýunça düzülip, birnäçe adaty optiki ululykdan birini saýlap bolýar. Bu usul, dizaýnyň hilini ýitirmän, sahypany has aýratynlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

4pda.to saýtynda habar berlişi ýaly, «Roboto Serif» okamak rahatlygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite döredildi. Mundan başga-da, täzelik kitap ýazmak we örtük döretmek üçin hemmetaraplaýyn çözgütdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň