Soňky habarlar

Arhiw

«Liwerpul» 2:0 hasabynda «Interden» üstün çykdy

10:5117.02.2022
0
4051

Milanyň «Inter» futbol topary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda 0:2 hasabynda «Liwerpuldan» asgyn geldi.

75-nji minutda Roberto Firmino topy kellesi bilen derwezä gönükdirmegi we hasaby açmagy başardy. 83-nji minutda ikinji goly italýanlaryň goragdaky gowuşgynsyz hereketlerinden soň Muhammet Salah tora girizdi.

Ýurgen Kloppyň topary ýeňişli ýoluny dowam etdirýär. Topar geçiren soňky 10 oýnunyň 8-sini öz peýdasyna, 2-sini bolsa deňlikde tamamlady. «Liwerpul» soňky gezek 2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda «Lester» bilen geçiren duşuşygynda 0:1 hasabynda ýeňlişe sezewar bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň