Türkmenistanda geçen ýylyň iň gowyy etraby yglan edildi we oňa 1 million dollar baýrak berildi

20:4911.02.2022
0
18418

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň MIlli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde geçen ýylyň başynda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutany ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini belledi. Şonuň esasynda ýeňijiniň kesgitlenendigi habar berlip, ol yglan edildi.

Döwlet Baştutany bäsleşikde ýeňiji bolan Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky buýruga gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň