Soňky habarlar

Arhiw

«Oskar» kino baýragyna dalaşgärler yglan edildi

12:3409.02.2022
0
5096

Režissýorlar Stiwen Spilbergiň «Westsaýd taryhy», Gilýermo del Toronyň «Elhençlikler ýanýodasy» we Deni Wilnewiň «Dýuna» filmleri Amerikan kinoakademiýasynyň «Oskar» baýragy üçin «Iň oňat film» ugry boýunça bäsleşerler.

Bu barada sişenbe güni baýragyň guramaçylary yglan etdi diýip, INTERFAX.RU ýazýar. Şeýle-de, bu ugur boýunça Şah Himmeriň «Belfast» we «CODA: ker ene-atalaryň çagasy», Adam Makkeýiň «Ýokary seretme», Rýuske Hamagutiniň «Meniň maşynymyň ruluna geç» we Reýnald Griniň «Korol Riçard» ýaly filmleri dalaş ederler.

«Iň oňat režissýor» ugry boýunça Stiwen Spilberg, Kennet Brana, Rýuske Hamaguti, Pol Tomas Andersen we Jeýn Kempion bäsleşer.

Abraýly baýragyň «Iň oňat aktrisa» ugry boýunça dalaşgärleriniň sanawyny Jessika Çesteýn («Temmi Feýiň gözleri»), Oliwiýa Kolman («Näbelli gyz»), Penelopa Kruz («Ugurdaş eneler»), Nikol Kidman («Rikardonyň keşbinde») we Kristen Stýuard («Spenser») düzýär.

«Iň oňat aktýor» baýragyna Hawýer Bardem («Rikardonyň keşbinde»), Benedikt Kamberbetç («Itiň hökmürowanlygy»), Endrýu Garfild («Tik-Tak... Bum!»), Uill Smit («Korol Riçard») we Denzel Waşington («Makbetiň betbagtlygy») dalaş ederler.

Baýragyň «Iň oňat ssenariý», «Ikinji zenan keşbi», «Iň oňat animasion film» ugurlary boýunça dalaşgärleri hem belli boldy.

«Oskaryň» gowşurylyş dabarasy 27-nji martda geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň