Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pikassonyň eseri BMG gaýtarylyp berildi

12:3807.02.2022
0
707

«J. de la Baume-Durrbach» tikinçilik kärhanasy tarapyndan nusgawy suratkeş Pablo Pikassonyň «Gernika» atly nakgaşlyk eseriniň nusgalygy dokalan gobelen eser bir ýyl arakesmeden soňra Birleşen Milletler Guramasyna gaýtarylyp berildi. Bu barada «Interfaks» ýazýar.

Gobeleni geçen şenbede BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň dälizinde ýerleşdirdiler.

Eser 1955-nji ýylda ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti we Nýu-Ýorkuň gubernatory Nelson Rokfeller tarapyndan sargyt edilipdir we 1984-nji ýylda BMG-ä sowgat berlipdir. Geçen ýyl onuň eýesi Nelson A.Rokfellerleriň kiçisi sungat eserini Milletler Bileleşigine gaýtaryp bermekçidigini duýdurypdyr.

Guramanyň baş sekretary Antoniu Guterriş munuň üçin kiçi Rokfellere minnetdarlyk bildirdi.

Pikassonyň «Gernika» eseriniň asyl nusgasy Ispaniýada saklanýar. Eserde nemes awiasiýasynyň 1937-nji ýylyň raýatlyk urşy wagtynda Gernika ispan şäherini bombalamagynyň harabalary şekillendirilýär. Eser boýunça gobelen işini Pikassonyň ýolbaşçylygynda 1955-nji ýylda döredipdirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň