Soňky habarlar

Arhiw

TMK-niň talyby Türkmenistanda ilkinji bolup çagalar sungat mekdepleri üçin multimedia okuw gollanmasyny taýýarlady

17:0505.02.2022
0
1886

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Gülzada Guldurdyýewa ýurdumyzda ilkinji bolup çagalar sungat mekdepleriniň «Türkmen saz edebiýaty» dersi boýunça multimedia okuw gollanmasyny taýýarlady. Bu barada «Nesil» gazetinde ýazylýar.

Gülzada ilki okuw maksatnamasyna laýyklykda, «Türkmen saz edebiýaty» dersinde öwrenilmeli kompozitorlaryň ömür beýanyny, döreden eserleriniň notalaryny, audio ýazgylaryny, operalardan wideoşekilleri we fotosuratlary bir ýere toplady. Bu işde aýdym-saz sungatynyň ojagynda — milli konserwatoriýada okamagy oňa uly kömek etdi.

Ol indiki ädimde dersde özleşdirilen mowzuklar boýunça mysaly sowalnamalardyr barlagnamalary taýýarlady. Bular bilen hem çäklenmän, dürli sazçylyk we sungat mekdeplerinde gerek bolan türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymdyr sazlarynyň notalaryny pdf görnüşine geçirip, multimedia okuw gollanmasyna goşdy.

Bulary ýerine ýetirdi, işi hem taýýarlady. Iň esasy wezipe öňde dur. Ol hem gollanmany ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerine ornaşdyrmak. Häzirki wagtda bu ädimiň hem üstünde işlenilýär.

— Paýtagtymyzdaky çagalar sungat mekdepleriniň birnäçesinde şu multimedia okuw gollanmasyndan peýdalanylyp sapaklar geçirildi. Sapagy şu gollanma arkaly özleşdirmek okuwçylarda uly gyzyklanma döredip, täsir galdyrdy. Sapagyň sanly bilim ulgamy arkaly geçilmegi okuwçylara diňe bir derse degişli maglumatlary öwretmek bilen çäklenmän, kompýuter tehnologiýalaryny hem özleşdirmeklerine ýardam edýär. Şeýle-de okuwçylaryň öwrenýän dersine gyzyklanmasy artýar — diýip, ýaş alym işiň täzeligi we täsiri barada gürrüň berýär.

Gollanmadan peýdalanmak üçin kompýuterimizde «Google Chrome» programmasynyň gurnalan bolmagy ýeterlik. Gollanma şol programmanyň kömegi bilen maglumatlar goruny saklaýan «Xampp» serweri arkaly işleýär. Ýöne ony işletmek üçin internet zerurlygy ýok. Multimedia okuw gollanmasyndaky maglumatlaryň bir ýerde jemlenmegi mugallymyň işini ýeňilleşdirýär, wagtyny tygşytlap, netijeli bilim bermegine ýardam edýär. Ýaş alymyň öz gürrüň berşi ýaly, «Türkmen saz edebiýaty» dersi çagalar sungat mekdepleriniň soňky iki ýylynda okadylýar. Gollanmada şol synplara niýetlenilen okuw maksatnamalary ýerleşdirildi. Ýaş alym geljekde mobil gollanmanyň smartfonlar üçin niýetlenilen görnüşiniň hem üstünde işlemegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň