Iki ölçegli polimer materialy berkligi we pes derejeli syklygy babatda ýokary hilli polatdan hem iki essä golaý ozdurýar. Täze önüm amerikan himikleri tarapyndan işlenip düzüldi we ol hakyndaky ylmy makala Nature žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Alymlara binalaryň göteriji gurluşlarynda peýdalanyp boljak plastigi oýlap tapmak başartdy, geljekde onuň ulanyljak ugurlaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Polimerleriň meşhurlygy olaryň mehaniki we fiziki özboluşlylyklaryny aňsat üýtgedip bolýar, netijede, şol bir çig maldan maýyşgak rezinleridir ýokary derejeli berk plastiki gurluşlary almak mümkin.
Emma olaryň kemçilikleri hem ýok däl, mysal üçin, olar haotiki we amorf düzüme eýe bolup, käbir mehaniki agramlyklarda we beýleki täsirleşmelerde ejiz gelýärler.