Futbol boýunça şu ýylyň ahyrynda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa yklymy boýunça üçünji saýlama tapgyrynda 7-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.
«A» toparçada şu tapgyrdan soň Eýranyň ýygyndysynyň mundiala gatnaşjakdygy belli boldy. Beýleki ýollanmalar üçin Koreýa Respublikasynyň, Awstraiýanyň, Ýapniýanyň, Saud Arabystanynyň we BAE-niň arasynda ýiti göreş dowam edýär.
Ýaryşyň final tapgyryna her toparçadan 2 ýygyndy gatnaşar. Bäşinji ýygyndy bolsa yklymara finala gatnaşar.
Katardaky dünýä çempionatynyň şu ýylyň 21-nji noýabrynda başlanyp, 18-nji dekabrynda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.
«A» toparça, 7-nji tapgyr
Eýran — Yrak — 1:0
Liwan — Koreýa Respublikasy — 0:1
BAE — Siriýa — 2:0
Ýaryş tertibi
| Orun | Topar | O | Ý | D | U | PG | Utuk |
| 1 | Eýran | 7 | 6 | 1 | 0 | 12:2 | 19 |
| 2 | Koreýa Respublikasy | 7 | 5 | 2 | 0 | 9:2 | 17 |
| 3 | BAE | 7 | 2 | 3 | 2 | 6:5 | 9 |
| 4 | Liwan | 7 | 1 | 2 | 4 | 4:7 | 5 |
| 5 | Yrak | 7 | 0 | 4 | 3 | 3:10 | 4 |
| 6 | Siriýa | 7 | 0 | 2 | 5 | 5:13 | 2 |
«B» toparça, 7-nji tapgyr
Saud Arabystany — Oman — 1:0
Ýaponiýa — Hytaý — 2:0
Awstraliýa ― Wýetnam — 4:0
Ýaryş tertibi
| Orun | Topar | O | Ý | D | U | PG | Utuk |
| 1 | Saud Arabystany | 7 | 6 | 1 | 0 | 10:3 | 19 |
| 2 | Ýaponiýa | 7 | 5 | 0 | 2 | 7:3 | 15 |
| 3 | Awstraliýa | 7 | 4 | 2 | 1 | 13:4 | 14 |
| 4 | Oman | 7 | 2 | 1 | 4 | 6:8 | 7 |
| 5 | Hytaý | 7 | 1 | 2 | 4 | 7:13 | 5 |
| 6 | Wýetnam | 7 | 0 | 0 | 7 | 4:16 | 0 |

