Arhiw

Transformerler baradaky filmiň tanyşdyrylyşy 2024-nji ýyla meýilleşdirilýär

17:5525.01.2022
0
3822

“Paramount” kinokompaniýasy meşhur transformerler baradaky täze doly göwrümli animasion filminiň 2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda çykjakdygy barada press-relizinde habar berdi. Şol bir wagtyň özünde-de ýakyn wagtda boljak tanyşdyryşyň maglumatlary nämälimligine galýar. Studiýanyň berýän habarynda filmiň ady, režissýory, döredijilik topary we sýužeti-de görkezilmeýär. Şeýle-de munuň 2020-nji ýylyň aprelinde hödürlenen “Transformers-iň” animasion dowamydygy hem heniz belli däldir.

Daily.afisha.ru habarlar saýtynyň bellemegine görä, transformerler barada geljekki surata düşüriljek multfilm 1986-njy ýyldan soň franşizanyň ilkinji animasion filmi bolar. Edil şol döwürde “The Transformers: The Movie” köpçülige ýetirilipdi we şondan soň Ýer ýüzünde diňe animasiýa filmleriniň tapgyrlary we şu hili filmler surata düşürilip başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň